DXOMark: Huawei Pura 80 Ultra dünýädäki iň gowy kamerofonlaryň sanawynda öňdäki orny eýeledi

  • 18.08.2025 10:17
  • 6k+

Huawei Pura 80 Ultra DXOMark-yň global kamerofonlarynyň sanawynda öňdäki orny eýeledi we umumy bal boýunça rekord goýdy. DXOMark-yň berýän maglumatlaryna görä, enjam dünýä sanawynda 175 bal gazanyp, ähli kategoriýalarda iň gowy netijeleri görkezdi.

Smartfon Oppo Find X8 Ultra we Vivo X200 Ultra ýaly modellerden öňe geçdi. Ol ýokary hilli portretleri, makro fotosuratlary we pes ýagtylykda düşürilen suratlary görkezmek bilen, surata alşy üçin 180 bal, wideo ýazgylary üçin 166 bal aldy.
DXOMark-yň hünärmenleri açyk reňkli, dury detally we islendik şertlerde tebigy ekspozisiýaly şekilleriniň hiliniň durnuklydygyny, şeýle hem deriniň reňkiniň tekizdigini we fonuň ýumşak reňklidigini bellediler. Giň burçly modul we teleobýektiw ýokary derejeli jikme-jiklikleri üpjün edýärdi, wideo hereket edende-de akgynly we durnuklydy.
Ýeke-täk kemçiligi yşyklandyryşyň kyn şertlerinde reňkiň we ýagtylygyň ujypsyz ýoýulmagydy.
Modeliň esasy aýratynlygy - uzak aralykdan sazlanyp surata düşürilende  bäsdeşlerinden öňe geçmäge mümkinçilik berýän ajaýyp zum mümkinçilikleridir. Enjam ses we artefaktlary azaltmak üçin LOFIC tehnologiýaly 1 dýuýmlyk datçik, optiki durnuklaşdyrmaly 50 megapiksel esasy kamera, 40 megapiksel ultra giň burçly modul we optiki stabilizasiýaly iki teleobýektiw (50 megapiksel we 12,5 megapiksel) bilen enjamlaşdyrylandyr.


16.12.2025 17:18
2.2k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.6k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...