Lexus garaşylmadyk ýagdaýda Montereýde täze superkarynyň konseptini tanyşdyrdy

  • 18.08.2025 08:45
  • 6.1k+

Montereýdäki Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Lexus kompaniýasy öňünden yglan etmezden Sport konsept superkaryny hödürledi. Model barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne konseptiň geljekde brendiň diňe bir sport däl, eýsem beýleki modellerinde öz beýanyny tapjak dizaýny görkezýän bolmagy gaty ähtimal.

Konsept klassyk sport kupesi görnüşinde ýerine ýetirildi: pes kuzow, uzyn kapot, giň ganatlar we uly tigirler. Dizaýnda artykmaç elementler ýok – howa ýygnaýjylar hem ykjam bolup, göze ilip durmaýar.
Ulagyň yzynda sazlap bolýan spoýler oturdyldy. Yzky diffuzoryň merkezinde “Formula-1” bolidleriniň stilinde stop-signal ýerleşdirildi. Şeýle-de, brendiň ady bilen ýanýan ýazgy bar.
Lexus tehniki aýratynlyklar bilen paýlaşmady, ýöne gaz çykarýan turbalaryň ýoklugy onuň elektrik boljakdygyny görkezip biler. Kompaniýa awtomobiliň interýerini hem görkezmedi.
Synçylaryň pikiriçe, Lexus Sport ýa-ha LC kupesiniň yzyny dowam etdiriji bolar, ýa-da LFA-nyň täze görnüşi bolup biler.


15.05.2026 11:08
3.1k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.2k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....

04.05.2026 20:02
4.4k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......

30.04.2026 13:01
5.3k+

Lexus Pekinde üç modelini — LC500h, GX Black Edition we premium LX-i görkezdi

Lexus Pekin awtosalonynda brendiň ösüşiniň dürli ugurlaryny görkezýän birbada birnäçe modeli tanyşdyrdy. Täze ulaglaryň arasynda LC500h kupesi, ýolsuz ýerden ýöreýän GX ulagynyň Black Edition wersiýasy we......