THR: Dedpul indiki “Ar alyjylarda” peýda bolar

  • 17.08.2025 23:31
  • 2.7k+

Raýan Reýnolds indiki “Ar alyjylar. Kyýamat güni” (Мстители. Судный день) filminde ýene Dedpuly oýnar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiriniň çeşmeleri habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, gahryman filmde peýda bolar, ýöne supergahrymanlaryň toparynyň doly agzasy bolmaz. Reýnoldsyň özi gatnaşjakdygyna yşarat etdi: aktýor sosial ulgamlarda Dedpulyň stilinde boýalan “Ar alyjylaryň” logotipini paýlaşdy.
Bu rol barada giňişleýin maglumat entek ýok. “Ar alyjylar: Kyýamat gününiň” premýerasy 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryna meýilleşdirilýär.
Filme Marvel kinoäleminden köp sanly belli gahrymanlar gatnaşýar. Olaryň arasynda Magneto (Ien MakKelleniň ýerine ýetirmeginde), Tor (Kris Hemswort), Loki (Tom Hiddlston), Jenap Fantastik (Pedro Paskal) we “Fantastik dörtlügiň” öňki we täze gahrymanlary, professor Iks (Patrik Stýuart), Kapitan Amerika (Entoni Maki), Şuri (Letisiýa Raýt) we “Gök gürrüldedijiler” bar. Esasy zalym Robert Dauni-kiçiniň ýerine ýetirmeginde Doktor Dum bolar, ol ozal Toni Starky oýnapdy.
Filmiň režissýorlary doganlar Jo we Entoni Russodyr. Film Beýik Britaniýada surata düşürilýär.
Soňky gezek Reýnolds Dedpulyň keşbinde geçen ýylky “Dedpul we Rosomaha” filminde peýda boldy.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......