Lamborghini ýollarda hereket edip bilýän dünýäde ýeke-täk Gallardo Concept S-i görkezdi

  • 17.08.2025 23:20
  • 4.7k+

Lamborghini Montereýde geçirilen Awtomobil hepdeliginde (Monterey Car Week 2025) Gallardo modeliniň 20 ýyllygyny belledi. Ýubileý mynasybetli kompaniýa seýrek Gallardo Concept S-i hödürledi.

Bu konsept ilkinji gezek 2005-nji ýylda Ženewa awtosalonynda görkezilipdi. Ol üýtgeşik salony: sürüji bilen ýolagçynyň oturýan ýerini bölýän “çarçuwa” bilen tapawutlanýar.
Ilkibaşda ony çäkli nusgada çykarmak meýilleşdirilipdi, ýöne model yzygiderli önümçilige goýberilmedi. Bary-ýogy iki nusga döredildi we olardan diňe biri jemgyýetçilik ýollarynda hereket etmäge rugsat aldy. Hut şu awtomobil hem Pebble Beach’s Concept Lawn çäresinde görkezildi.
Gallardo V10 hereketlendirijisini alan ilkinji Lamborghini boldy we marka üçin rekord satuwy üpjün etdi – 2003-nji ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda 14 000-den gowrak awtomobil. Concept S gündelik ulanylyş üçin däl-de, diňe dizaýn, tizlik we haýran galdyrmak üçin döredilen Gallardo-nyň üýtgeşik wersiýasydyr. Markanyň muşdaklary üçin ol batyrgaý dizaýnyň mysaly we Montereýdäki häzirki çärede iň görnükli sport awtomobilleriniň biri bolmagynda galýar. 


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......