Apple ilkinji modeliniň 20 ýyllygy mynasybetli iPhone-yň tutuş aýnadan edilen modelini patentledi

  • 16.08.2025 17:40
  • 5.2k+

Apple ilkinji modeliniň çykarylmagynyň 20 ýyllygyna täze dizaýn taýýarlap başlady. Wccftech portalynyň maglumatyna görä, kompaniýa «alty tarapdan aýna bilen örtülen elektron enjamy» üçin patent arzasyny berdi. Bu resminama ABŞ-nyň Patent we söwda nyşanlary edarasynda tapyldy.

Arzada görkezilişine görä, täze nesil smartfonyň korpusy «wizual we taktil taýdan böleksiz» bolup, bir bitewi aýna listiniň täsirini döredip biler. Ýöne aslynda korpus altyburçluk görnüşinde bolup, biri-birine birikdirilen birnäçe aýna bölekden durmagy ähtimal.
9to5Mac portalynyň maglumatyna görä, aýnada mikrofonlar we dinamikler üçin deşikler göz öňünde tutulýar. Enjamyň ähli taraplarynda şekil görkeziler we ähli taraplary sensorly bolar.
Bilermenleriň belleýşi ýaly, şeýle dizaýn aýnanyň ejiz bolmak mümkinçiligi sebäpli köpçülikleýin önümçilige girizmekde kynçylyk döredip biler. Apple bu täze modeli, 2027-nji ýylda çykarylmagyna garaşylýan 20 ýyllyk ýubileb iPhone-y bilen bilelikde tanyşdyrmagy mümkin.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...