Bitkoin 124 müň dollardan geçdi

  • 14.08.2025 14:00
  • 3.1k+

Bitkoiniň hümmeti taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 14-nji awgustda kriptowalýuta 124,1 müň dollara ýetip, 2,86% ösüş görkezdi. Muny Binance kriptobiržasynyň maglumatlary delillendirýär.

Aşgabat wagty bilen 11:40-a çenli ýagdaýa görä, bitkoin 121,8 müň dollara durýardy.
Ösüşiň netijesinde bitkoiniň kapitalizasiýasy 2,4 trln dollara ýetdi we dünýädäki iň uly aktiwleriň bäşligine girdi. Bu görkeziji boýunça kriptowalýuta az wagtlyk Alphabet-den (Google) öňe geçdi.
Kriptowalýutalaryň umumy bazar bahasy 4,23 trln dollara ýetdi. CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, soňky bir günde görkeziji 2,9% ýokarlandy.
Esasy kriptowalýuta geçen ýylyň köp böleginde durnukly ösdi diýip, Bloomberg belleýär. Agentligiň pikiriçe, soňky aýlarda ösüşe Donald Trampyň prezidentliginde ABŞ-da oňyn düzgünleşdiriji syýasat we Maýkl Seýloryň Strategy ýaly jemgyýetçilik kompaniýalary tarapyndan islegiň bolmagy ýardam edýär.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...