Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi

  • 13.08.2025 15:29
  • 6.1k+

Lionsgate studiýasy birnäçe aý mundan ozal prokata çykan “Balerina” filmi sebäpli çärýekde 94 mln möçberde ýitgi çekdi. Oňyn synlara garamazdan, “Jon Uigiň” spin-offy ýeterlik tomaşaçyny özüne çekip bilmedi.

IGN-iň maglumatlaryna görä, film 90 mln dollar önümçilik býujeti bilen dünýä prokatynda 132,4 mln dollar ýygnady. Ýöne bellemeli ýeri, bu mukdar marketing çykdajylaryny öz içine almaýar. ABŞ-da “Balerina” bary-ýogy 58 mln dollar gazandy, beýleki ýurtlarda bolsa girdejiniň esli bölegini prokatçylar aldy.
Kassa şowsuzlygynyň esasy sebäbi filmiň käbir ýerleriniň gaýtadan düşürilmegi sebäpli çykdajylaryň artmagy boldy, bu hem premýeranyň bir ýyl gijikmegine getirdi. Režissýor Çad Stahelski sahnalary gaýtadan düşürip, Kianu Riwziň ýerine ýetirmeginde Jon Uigiň roluny giňeltdi.
Bu maglumat Lionsgate bilen Starz bölünenden soň peýda boldy. Lionsgate-iň baş direktory Jon Felthaýmer kompaniýanyň 2027-nji maliýe ýylynda girdejiniň ýokarlanmagyna garaşýandygyny aýtdy.

“Indiki maliýe ýylynda biziň üç uly kinotaslamamyz meýilleşdirilýär. Biz çykarylýan seriallaryň sanyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýäris we täze ugurlary hem platformalary özleşdirip, brendlerimizi ösdürmegi dowam etdirýäris. Şeýle-de, biz kino- we teleýygyndylarymyz üçin goşmaça girdeji çeşmelerini döretmegiň üstünde işleýäris” – diýip, ol belledi.

Indiki ýylyň esasy relizleriniň arasynda häzir önümçilikde bolan “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет на Жатве) bar. Mundan başga-da, studiýa Jon Uik barada bäşinji filmi we birnäçe spin-off taýýarlaýar.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......