Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”

  • 13.08.2025 15:25
  • 11k+

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan gitmekçi bolýar. Bu barada futbolçy sosial ulgamlarda habar berdi.

Mundan öň parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike Donnarummany UEFA-nyň Superkubogy üçin “Tottenheme” garşy oýunda sanawa goşmazlyk barada hut özüniň karara gelendigini aýtdy.

“Topara goşulan ilkinji günümden bäri men öz ornumy mynasyp eýelemek we “PSŽ-niň” derwezesini goramak üçin meýdançada we ondan daşary ähli güýjümi berdim. Gynansak-da, kimdir biri meniň toparyň bir bölegi bolup bilmeýändigim we onuň üstünligine öz goşandymy goşup bilmeýändigim barada karara gelipdir. Men lapykeç we geň galýaryn.
Men “Park de Prensde” janköýerleriň gözüne ýene bir seretmäge we olar bilen hoşlaşmaga mümkinçiligim bolar diýip umyt edýärin. Eger bu bolmasa, siziň bir zady bilmegiňizi isleýärin: siziň goldawyňyz we mähiriňiz meniň üçin köp zady aňladýar we men muny hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Men bu duýgulary, jadyly agşamlary we siziň hemmäňizi hemişe ýatlaryn, bular maňa özümi öýde ýaly duýmaga kömek etdi.
Meniň topardaşlaryma – ikinji maşgalama – her bir oýun, her bir gülki, bile geçirilen her bir pursat üçin minnetdar. Siz hemişe meniň doganlarym bolarsyňyz.
Bu klub üçin oýnamak we bu şäherde ýaşamak uly mertebe boldy. Minnetdar, Pariž!” – diýip, Donnarumma ýazdy.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, 26 ýaşly Donnarumma 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýän şertnamany uzaltmak islemeýär.
Belläp geçsek, “PSŽ” eýýäm onuň deregine oýunçy tapdy – ýakynda klub “Lilliň” derwezebany Lýuka Şewalýeni satyn aldy.  


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......