Sukerberg Kremniý jülgesinde 11 jaýly tutuş köçäni satyn alyp, ol ýerde bunker gurdy

  • 13.08.2025 11:14
  • 10k+

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Kremniý jülgesindäki Kresent-Park diýen ýerde 11 jaýy satyn alyp, munuň üçin 110 mln dollar sarp etdi. Kaliforniýada bu ýer hukukçylaryň, kompaniýalaryň top-menejerleriniň we Stenford uniwersitetiniň professorlarynyň ýaşaýan ýeri hökmünde bellidir.

Palo-Altodaky Kresent-Park sebiti Stiw Jobsuň öýüniň, Stenford uniwersitetiniň kampusynyň, HP-niň esaslandyrylan taryhy garažynyň ýanynda, şeýle-de Google-yň ilkinji ofislerinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär. Bu hem ony Kremniý jülgesiniň tehnologiýa taryhynyň özboluşly merkezine öwürýär.
2011-nji ýylda Sukerberg aýaly bilen bu sebite göçüp geldi we okrugda iň könesi hasaplanýan 520 inedördül metrlik jaýy satyn aldy. Soňra ol goňşy ýerleri satyn alyp başlady we meýdany 650 inedördül metr bolan ýerasty bunkeri gurdy. Bu ýer daş-töwerekden germewler we wideo gözegçilik ulgamy bilen saýlanýar.
Toplum esasy rezidensiýadan, myhman jaýlaryndan, baglyklardan, piklbol üçin meýdançadan we tans meýdançasyna öwrüp boljak basseýnden ybarat. Şeýle-de, bu ýerde 14 okuwçy üçin hususy mekdep bar.
Şol bir wagtyň özünde, ýerli ýaşaýjylar şeýle goňşuçylykdan göwnühoş däl. Olar eýýäm birnäçe ýyl bäri gurluşyk sesinden, ýollaryň petiklenmeginden we wideo gözegçiliginden zeýrenýär.

“Hiç bir jemagat özüniň basyp alynmagyny islänok, ýöne olar muny etdi” – diýip, goňşularyň biri aýdýar.


19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......