Täze “Ýura eýýamynyň dünýäsi” $800 mln ýygnady, “Fantastik dörtlük” zordan çykdajyny ýapýar

  • 13.08.2025 08:17
  • 5.9k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) blokbasteri dünýä prokatynda 800 mln dollardan gowrak ýygnady. Olardan 327 mln dollar ABŞ-nyň, 437,4 mln dollar daşary ýurtlaryň paýyna düşdi. 5-nji awgustda film daşary ýurt onlaýn kinoteatrlarynda elýeterli boldy diýip, The Numbers belleýär.

Iýun aýynyň ortasynda çykan “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýki hem gowy girdeji getirdi. Awgust aýynyň başyna çenli onuň kassa ýygymy 623 mln dollar boldy.
Deňeşdirmek üçin, taslamanyň animasiýa görnüşleri remeýkden az ýygnapdy:

  • ·“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” – $494,8 mln;
  • ·“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2” – 621,5 mln;
  • ·“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 3” – $521,7 mln.

Şeýle üstünligiň netijesinde Universal we Dream Works studiýalary onuň dowamyny yglan etdi. Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 11-nji iýunyna meýilleşdirilýär, ýöne sene üýtgäp hem biler.
Şol bir wagtyň özünde, “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (Фантастическая четверка: Первые шаги) filminiň ýagdaýy o diýen öwerlikli däl. Film üç hepdede 430 mln dollar ýygnady. Ol eýýäm “Kapitan Amerika: Täze dünýäden” (415 mln dollar) we “Gök gürrüldedijilerden*” (Громовержцы*, 382 mln dollar) öňe geçip, 2025-nji ýylda Marvel-iň iň girdejili filmine öwrüldi. Çaklamalara görä, prokatyň ahyryna çenli kassa ýygymy 490-510 mln dollara ýetip biler. Taslama 200 mln dollar býujeti sanly satuwlaryň we harytlaryň hasabyna ödemeli bolar. Islendik ýagdaýda-da, blokbaster prokatda ýylyň iň girdejili kinokomiksi bolan DC-niň “Supermeninden” (579 mln dollar) yza galdy.
Ýöne supergahrymanlyk filmlerini döredijiler öz filmleriniň indi prokatda milliardlap gazanmaýandygy bilen kem-kemden ylalaşmaly bolsa gerek.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......