Agramy 36 milliard Güne deň: “Habble” iň uly gara girdaby tapmaga kömek etdi

  • 12.08.2025 16:25
  • 5.5k+

Astronomlar massasy 36 milliard Güne deň bolan, şu günki güne çenli iň uly gara girdabyň tapylandygyny habar berdiler. Obýekt Älemde bolup biläýjek zatlaryň nazary çägine ýakyn we Akmaýanyň ýolunyň merkezindäki iň uly gara girdap bolan Streles A*-dan, takmynan, 10 000 esse agyrdyr.

Tapyndy belli bolan iň uly güýçli linzalaryň biri bolan “Kosmos naly” dartyş linzalarynyň ulgamynda ýerleşýär. SDSS J1148 + 1930 ýa-da CSWA 1 diýlip hem atlandyrylýan bu obýekt Şir ýyldyzlar toplumynda, takmynan, 5 milliard ýagtylyk ýyly töweregi uzaklykda ýerleşýär.
Alymlar dartyş güýjüniň linzirlenmesi we ýyldyz kinematikasy usullaryny ulandylar. Soňky usuly, adatça, şeýle uzak galaktikalar üçin ulanyp bolmaýar, ýöne bu ýerde içerki sebitlerdäki ýyldyzlaryň takmynan 400 km/s tizlikde hereket edýändigini ýazga geçirip bildiler.
Portsmut uniwersitetiniň professory Tomas Kollettiň sözlerine görä, esasy galaktika Älemdäki iň uly gurluşlaryň ahyrky ýagdaýy bolan galyndy toparlara degişlidir. Megerem, öňki hemra-galaktikalaryň ähli gara girdaplary şu gün syn edilýänlere birigen bolsa gerek.
Barlag  Monthly Notices of the Royal Astronomical Society žurnalynda çap edildi.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....