Futbol boýunça Aziýa Kubogy - 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň U17 ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy

  • 12.08.2025 14:55
  • 12k+

Türkmenistanyň U17 ýygyndy futbol topary Aziýanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler arasynda geçiriljek 21-nji Kubogynyň saýlama tapgyrynda garşydaşlaryny bilip galdy.

Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen çekilişiň netijesine görä, milli topar «F» toparçada Taýland, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiw adalary bilen bilelikde oýnar. Bu toparçanyň oýunlary Taýlandyň Çonburi şäherinde geçiriler.

Turniriň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 7–24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda bolar.

Saýlama tapgyra jemi 38 ýygyndy gatnaşýar we olar ýedi toparça bölündi. Üç toparçada alty, dördüsinde bolsa bäş ýygyndy çykyş eder.

Toparçalaryň düzülişi şu şekilde boldy:

«A» toparça: Hytaý (meýdan eýesi), Bangladeş, Bahreýn, Bruneý, Gündogar Timor, Şri-Lanka.
«B» toparça: Ýemen, Laos, Gyrgyzstan (meýdan eýesi), Kamboja, Guam, Pakistan.
«C» toparça: Wýetnam (meýdan eýesi), Malaýziýa, Singapur, Gonkong, Demirgazyk Mariana adalary, Makao.
«D» toparça: Eýran, Hindistan (meýdan eýesi), Palestin, Taýpeý, Liwan.
«E» toparça: Awstraliýa, Yrak, Filippinler, Iordaniýa (meýdan eýesi), Butan.
«G» toparça: Oman, Owganystan, Mýanma (meýdan eýesi), Siriýa, Nepal.

Saýlama tapgyrynyň ähli toparçalaryndaky oýunlar 2025-nji ýylyň 22–30-njy noýabry aralygynda bir aýlawda geçiriler. Jemleýji tapgyra toparçalarda 1-nji orny eýelän ýygyndylar çykyp, eýýäm ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanan 9 topara goşular: Katar, Özbegistan, Saud Arabystany, Koreýa Respublikasy, KDPR, Ýaponiýa, Täjigistan, BAE, Indoneziýa.

Bellenip geçsek, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň U17 ýygyndysy ilkinji gezek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda bürünç medal gazandy. Olar Daşkentde Gyrgyzystany 11 metrlik urgulardan soň 7:6 hasabynda (esasy wagtda 0:0) ýeňdi. Toparyň baş tälimçisi — Ahmed Allaberdiýew.


düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.7k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......