Kristofer Nolan “Odisseýany” 6 aýyň içinde düşürip boldy

  • 12.08.2025 09:56
  • 5.2k+

“Odisseýa” filminiň art-direktory Samanta Englender filmiň surata düşürilip tamamlanandygyny habar berdi. Kristofer Nolanyň täze epiki filminiň önümçiligi 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlady, režissýor bu işi alty aýda tamamlady diýip, World of Reel ýazýar.

Surata düşüriji topar Italiýada, Gresiýada, Şotlandiýada, Marokkoda we Islandiýada işledi.
“Odisseýa” doly derejede IMAX kamerasynda düşürilen ilkinji film bolar. KHBS-iň maglumatlaryna göä, 17-nji iýulda käbir daşary ýurt kinoteatrlarynda petekleriň deslapky satuwy başlandy. Ilkinji gün ähli petekler diýen ýaly satyldy, bu hem taslama çykmazyndan bir ýyl öň 1,5 mln dollar getirdi. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär.
Sýužet gadymy grek şahyry Gomeriň adybir eposyna esaslanýar we Itakanyň patyşasy Odisseýiň wakasyny gürrüň berer. Onuň keşbini Mett Deýmon ýerine ýetirdi. Aktýorlar düzümine Tom Holland, Zendeýa, Robert Pattinson, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Şarliz Teron we Jon Berntal girdi.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......