Pekinde adam şekilli robotlaryň dünýäde ilkinji dükany işläp başlady

  • 12.08.2025 09:53
  • 4.9k+

Hytaýyň paýtagtynda robot-gumanoidleriň satuwyna ýöriteleşen dünýäde ilkinji dükan açyldy. Onuň açylyşy 2025-nji ýylyň Bütindünýä robototehnika konferensiýasyna gabat geldi diýip, Global Times neşiri habar berdi.

Dükan 4S görnüşde işleýär, ýagny ol diňe bir robot satyn almak üçin ýer däl-de (Sale), eýsem olar üçin şaýlary sargyt etmek (Sparepart), hyzmatdan peýdalanmak (Service) we bazary öwrenmek (Survey) üçin platformadyr. Mundan başga-da, dükanyň çäginde kafe we restoran-bar bolup, ol ýerde myhmanlara robot ofisiantlar, barmenler we hatda aşpezler hyzmat edýär, sahnada bolsa robot sazandalar çykyş edýär. Restoranyň wekili Sun Lin binanyň täze robotlary synagdan geçirmek we olaryň hakyky durmuşda mümkinçiliklerini görkezmek üçin ýer bolup hyzmat edýändigini belledi.
Robot Mall atly dükan umumy meýdany dört müň inedördül metr bolan dört gaty eýeleýär. Onda robotlaryň 50-den gowrak brendi we ýedi esasy kategoriýasy hödürlenýär. Olaryň arasynda lukmançylyk, bionik, adam şekilli we senagat modelleri bar. Şeýle-de, haýwan we türgen robotlar bolup, olar bilen basketbol, futbol ýa-da küşt oýnamak bolýar.


Ykdysatçy Fransisko Migel Paulu robototehnikany ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Onuň pikiriçe, maşynlar adamlar üçin howply işleri ýerine ýetirip biler. Olar kesellemeýär, ýokanç kesel geçirmeýär we bejermek aňsat. Şeýle-de, ol adamlar bilen maşynlaryň arasynda iş orunlarynyň paýlanmagynda ýüze çykýan meseleleriň öňüni almak üçin döwlet düzgünleşdirmesiniň zerurdygyny belledi.
Global Times-yň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Hytaý robototehnika boýunça dünýädäki ähli patent arzalarynyň üçden ikisini berdi. Ýurt dünýäde iň uly robototehnika öndürijileriniň biri bolmagynda galýar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......