Apple noutbuklarynda OLED ekrany peýda bolar. Displeý bilen Samsung üpjün eder

  • 12.08.2025 14:45
  • 1.5k+

Apple 2026-njy ýylyň ahyrynda OLED displeýli ilkinji noutbugyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Dealsite koreý neşiri habar berdi.

Geljekki MacBook üçin OLED panellerini üpjün ediji hökmünde bolsa Apple Günorta Koreýanyň Samsung Display kompaniýasyny saýlady.
Bu kompaniýa 8.6 nesliň OLED panellerini işläp taýýarlamagy başardy. Şeýle ekranlar şekilleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär we az energiýa sarp edýär.
Noutbugyň anyk modeli agzalmasa-da, ilkinji bolup OLED ekranyny has gymmat MacBook Pro-nyň almagyna garaşylýar. Soňra şeýle displeýler MacBook Air-de hem peýda bolup biler.
Häzir MacBook Pro-da miniLED displeýleri ulanylýar. Bilermenler OLED ekranlaryna geçmegiň 2021-nji ýyldan bäri kompaniýanyň kompýuterlerinde esasy üýtgeşme boljakdygyny belleýär.
Belläp geçsek, bazarda eýýäm OLED ekranlaryny ulanýan noutbuklar az däl. Mysal üçin, Dell, HP we Lenovo kompaniýalarynyň modelleri Samsung Display-iň panelleri bilen hödürlenýär.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....