Dünýäde planşet satuwy II çärýekde 13,1% ýokarlandy, öňdebaryjy – Apple

  • 12.08.2025 09:38
  • 1.3k+

Dünýäde planşet üpjünçiligi 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde 38,3 mln birlige ýetdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,1% ýokarydyr. Bu barada International Data Corporation (IDC) kompaniýasy habar berdi.

Ösüş yzygider ikinji çärýek hasaba alynýar we muňa pandemiýa döwründe satyn alnan gurluşlaryň täzelenmegi, şeýle-de Hytaýdaky bilim maksatnamalary we elektronika satuwy üçin ýeňillikler ýardam etdi.
ABŞ-da ýokary görkezijiler gümrük paçlary güýje girmezden ozal ätiýaçlyk edinmek, ösýän ýurtlarda bolsa bilim pudagyndaky isleg bilen baglanyşyklydyr. Emeli aňa esaslanýan funksiýalar premium segmentde-de planşetlere bolan gyzyklanmany artdyrýar.
Üpjünçilik boýunça öňdebaryjylar Apple, Samsung, Lenovo, Amazon we Xiaomi boldy.
Apple bazara 12,7 mln planşet (+2,4%) iberdi, muňa 10,9 dýuýmlyk iPad-yň we täzelenen iPad Air modelleriniň çykmagy ýardam etdi.
Samsung 7,2 mln planşet (+4,2%) satyp, Latyn Amerikasynda, Ýakyn Gündogarda we Ýewropada ornuny berkitdi.
Lenovo 3,1 mln planşet (+25%) bilen üçünji orny saklap galdy.
Amazon satuwy 205%, 3,1 mln gurluşa çenli artdyryp, öňdebaryjylaryň bäşligine gaýdyp geldi. Uly ösüş iýul aýyndaky Prime Day 2025 we gümrük paçlarynyň ýokarlanjakdygy baradaky habarlar bilen baglanyşyklydyr. Xiaomi 2,8 mln planşet (+42%) bilen üpjün etdi we esasy isleg Pad 7-niň hem-de Redmi Pad SE-niň paýyna düşdi.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....