Ubisoft kompaniýasy Far Cry oýunlary boýunça serial düşürer. Şouranner Noý Houli bolar

  • 12.08.2025 09:33
  • 2.1k+

Ubisoft kompaniýasy Far Cry oýunlarynyň esasynda serial düşürmek isleýär. Bu barada maglumat kompaniýanyň resmi saýtyndaky metbugat relizinde peýda boldy, ýöne tiz wagtdan aýryldy. Muňa garamazdan, anons ulanyjylaryň ünsüni çekip ýetişdi diýip, PlayGround ýazýar.

Taslamanyň şouranneri “Fargo”, “Keseki: Ýer” we “Legion” seriallary bilen tanalýan Noý Houli bolar. Baş keşbi Rob Makelhenni ýerine ýetirer, ol prodýuser hökmünde-de çykyş eder.
Serial FX akym hyzmatynda çykar. Sýužet we reliziň senesi barada maglumat ýok.
Far Cry birinji ýüzden şuter we action-adventure žanrlaryndaky oýun seriýasydyr. Oýnuň birinji bölümi Germaniýanyň Crytek studiýasy tarapyndan taýýarlandy, soňkularyň üstünde bolsa Kanadanyň Ubisoft Montreal kompaniýasy işledi. Oýunda açyk dünýäler bolup, oýunçylar olary erkin öwrenip, dürli işleri ýerine ýetirip bilýär.
Esasy seriýada alty oýun, şeýle-de birnäçe spin-off we Far Cry Primal, Far Cry New Dawn ýaly giňeldilen wersiýalar çykdy. 2024-nji ýylda Ubisoft 20 ýylda seriýanyň auditoriýasynyň 90 million oýunçydan geçendigini habar berdi.
Mundan öň Mass Effect oýnuny ekranlaşdyrmak meýilnamalary belli boldy. Bu taslamanyň üstünde Fallout boýunça serial düşürýän şol bir topar işlär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......