New Line Cinema “Ahyrky nokat 7” filminiň önümçiligine başlady

  • 10.08.2025 14:09
  • 4.3k+

Warner Bros. kompaniýasynyň bölümçesi New Line Cinema meşhur “Ahyrky nokat” franşizasynyň ýedinji bölüminiň düşürilýändigini yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter ýazýar.

Ssenarini franşizanyň altynjy bölüminiň – “Gan baglanyşygynyň” üstünde işlän Lori Ewans Teýlor ýazar.
Ýatlap geçsek, “Ahyrky nokadyň” altynjy bölümi maý aýynda ekrana çykyp, tankytçylardan ýokary bahalary aldy we franşizada iň üstünlikli bölüm boldy. Ol dünýä prokatynda 286 mln dollardan gowrak ýygnap, 2009-njy ýyldaky “Ahyrky nokat 4” filminiň kassa ýygymyndan iki esse diýen ýaly öňe geçdi. Filmiň režissýorlary Zak Lipowski we Adam B.Steýn boldy.
Umuman alanyňda, franşizanyň ähli bölümi 983 mln dollardan gowrak gazanyp, New Line-yň üçünji üstünlikli horror-franşizasy boldy.
“Ahyrky nokat” ilkinji gezek 2000-nji ýylda görkezildi. Her filmiň sýužeti uly betbagtçylygy öňünden görüp, beýleki adamlary halas etmek bilen ölümden gaçýan gahrymanyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Ýöne tiz wagtdan diri galanlary Ajalyň özi yzarlap başlaýar we gutulgysyz ýagdaýda her biriniň başyna düşýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......