Jeýms Mengold motosikl ýaryşyna gatnaşyjynyň keşbinde Timoti Şalame bilen triller düşürer

  • 09.08.2025 18:42
  • 3.3k+

Paramount Pictures Timoti Şalame bilen täze filmiň – “Beýik tarap” (High Side) atly ýaryş trilleriniň distribýutory bolup çykyş eder diýip, Deadline habar berýär.

Filmiň režissýory “Ford vs Ferrari” filmi bilen tanalýan Jeýms Mengold bolar. Sýužet boýunça motosikl ýaryşyna gatnaşyjy Billi sport karýerasyny tamamlap, öz doganyna bank talamaga kömek edip başlaýar.
Filmiň çykjak senesi entek yglan edilmedi. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, taslama Maýkl Mannyň “Tutluşyk” (Схватка) we baş keşpde Jeff Brijes bilen “Islendik ýol bilen” (Любой ценой) filmlerinden ylham aldy.
Häzir Şalame “Dýunanyň” üçünji bölüminiň düşürilişine gatnaşýar. Ýylyň ahyryna çenli onuň gatnaşmagynda “Marti Suprim” terjimehal dramasynyň hem çykmagyna garaşylýar. 


düýn 09:56
1.7k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.3k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......