Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň tumary kofe çaşkasy boldy

  • 07.08.2025 11:56
  • 4.3k+

7-nji noýabrdan 21-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda geçiriljek VI Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň resmi tumaryny hödürledi. Ol Finžaal atly kofe çaşkasy boldy.

Guramaçylaryň habar berşi ýaly, tumaryň obrazy araplaryň kofe üçin çaşkasyna esaslanýar. Ol oýunlary kabul edýän Saud Arabystanynyň medeni mirasyny we myhmansöýerligini alamatlandyrýar.
Ýaryş programmasyna 20-den gowrak dissiplina girer, olaryň arasynda sportuň Olimpiýa we Paralimpiýa görnüşleri bar.
Geçenki V Yslam raýdaşlygy oýunlary 2022-nji ýylda Konýa şäherinde (Türkiýe) geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 23 medal: 4 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç medal gazandy. 


08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

04.04.2026 15:00
9.9k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...