Google çykmadyk Siri-EA üçin Apple-i ýaňsylaýar we “smartfony Pixel 10-a çalyşmagy” teklip edýär

  • 06.08.2025 17:44
  • 3.3k+

Google kompaniýasy Pixel 10 smartfonlarynyň görkezilmegine iki hepde galanda mahabat wideosyny hödürledi. Kompaniýa Siri ses kömekçisiniň EA wersiýasynyň uzaga çeken relizi sebäpli Apple-i ýaňsylamak mümkinçiligini hem elden gidirmedi.

Google Pixel 10 | Soon atly wideo 30 sekunt dowam edýär we onda repçi Dr. Dre-niň The Next Episode aýdymynyň sözsüz sazy ýaňlanýar – bu Beats by Dr. Dre brendiniň Google-a degişlidigine yşaratdyr.
Wideoda Moonstone reňkinde Pixel 10 Pro smartfony görkezilýär, kadr aňyrsyndaky ses bolsa şeýle diýýär:

“Eger siz tiz wagtdan çykmaly, ýöne bir ýyl bäri çykmaýan funksiýa sebäpli täze smartfon satyn alýan bolsaňyz… belki, “tiz wagtdan” sözüniň manysyna gaýtadan göz aýlamak ýa-da diňe smartfony çalyşmak gerekdir”.

Bu sözler Apple-iň WWDC 2024 tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Çünki, kompaniýa onda emeli aňyň esasynda Siri-ni anons edipdi. Ýöne täzelenen Siri-ni iPhone 16-a goşmak wadasyna garamazdan, funksiýa häzire çenli çykmady. 2025-nji ýylyň başynda kompaniýa relizi resmi taýdan geljek ýyla süýşürdi.
Wideo “Smartfonyňyzdan köp zat talap ediň” şygary bilen tamamlanýar. Ähtimal, bu Pixel 10-yň mahabat kampaniýasynyň esasy şygaryna öwrülse gerek. Ahyrynda kadrda täze smartfony tutýan el, soňra tanyşdyrylyşyň senesi – 20-nji awgust we Google-yň logotipi peýda bolýar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......