ABŞ-da “Barselonanyň” we “Realyň” weteranlarynyň duşuşygy geçiriler

  • 03.08.2025 17:00
  • 12k+

“Barselonanyň” we Madridiň “Realynyň” weteranlary ýene-de meýdançada duşuşar – bu gezek 9-njy we 13-nji sentýabrda ABŞ-da iki oýun geçiriler. Bu barada katalon klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

Weteran El-Klasikosy Harrisonda (Nýu-Jersi) we Fort-Loderdeýlde (Florida) geçiriler. Birinji oýun MLS-iň “Nýu-Ýork Red Bullz” klubunyň öý meýdançasy bolan Sports Illustrated stadionynda bolar. Bu stadion 25 000 tomaşaça niýetlenýär.
Ikinji duşuşyk 21 550 adamy sygdyrýan Chase Stadium-da bolar. Bu “Barselonanyň” öňki oýunçylary Lionel Messiniň, Serhio Busketsiň, Luis Suaresiň we Žordi Albanyň häzir çykyş edýän “Inter Maýami” klubunyň öý meýdançasydyr.
“Barselonanyň” legendalar toparynyň baş tälimçisi Albert Ferrer oýunlarda Riwaldo, Adriano, Klaudio Brawo we Paulinýo bil baglap biler – soňky ikisi üçin bu weteranlaryň düzüminde ilkinji çykyş bolar. Katalon toparynyň galan gatnaşyjylary soň yglan ediler.
Iki klubuň weteranlarynyň arasyndaky oýunlar halkara futbol arenasynda yzygiderli waka öwrüldi. Bu olaryň eýýäm sekizinji we dokuzynjy duşuşygy bolar, şolardan bäşisi geçen möwsüm geçirildi. Soňky oýun şu ýylyň aprel aýynda Meksikanyň Toluka şäherinde geçdi. Ondan öň toparlar Beýrutda, Tel-Awiwde, Dohada, Tokioda, Puerto-Rikoda we Mumbaýda duşuşdy.
Oýunlar 2016-njy ýylda döredilen we klubuň özi tarapyndan dolandyrylýan “Barsanyň legendalary” maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Ol “Barselonanyň” brendini dünýä tanatmaga we onuň öňki ýyldyzlarynyň üsti bilen klubuň gymmatyny artdyrmaga gönükdirilýär. Maksatnama hereket edip başlany bäri 80-den gowrak oýunçy dünýäde katalon klubunyň legendalarynyň azyndan bir oýnuna gatnaşdy.


düýn 10:04
5.4k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.4k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....