Tramp onlarça ýurtlar üçin anyklaşdyrylan import paçlaryny girizdi

  • 02.08.2025 14:49
  • 7k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp onlarça ýurtlar babatda import paçlaryny girizmek hakynda permana gol çekdi diýlip, Ak tamyň saýtynda habar berilýär. CNN-iň belleýşi ýaly, resminama ahyrky möhletiň gutarmagyna – 1-nji awgusta birnäçe sagat galanda kabul edildi. Bu möhlet Prezident tarapyndan Birleşen Ştatlar bilen söwda şertnamalaryny baglaşmak üçin kesgitlenipdi.

Anyklaşdyrylan gümrük paçlarynyň möçberi 10%-den 41%-e çenli bolup, ol 69 ýurt, sebit we Ýewropa Bileleşigi üçin girizilýär diýip, The New York Times belleýär. Olar 2025-nji ýylyň 7-nji awgustyndan güýje girer.
10% paç diňe ABŞ-nyň importdan has köp eksport edýän döwletleri üçin saklanar. Ak tamyň ýokary wezipeli wekiliniň aýtmagyna görä, bu ýurtlaryň aglabasyna degişlidir.
15% paç ABŞ bilen söwda ýetmezçiliginde bolan ýurtlara degişlilikde ulanylar. Bu 40 töweregi ýurt, şeýle-de Ýewropa Bileleşigidir. 10-dan gowrak ýurt 15%-den ýokary paçlaryň täsirine düşýär. Iň ýokary paçlar Siriýa (41%), Mýanma we Laos (40%), Şweýsariýa (39%), Yrak we Serbiýa (35%) üçin girizildi.
Tramp aýratyn perman bilen Kanadadan harytlara paçlary 25%-den 35%-e çenli ýokarlandyrdy. Munuň sebäbi Kanadanyň jogap çäreleri we fentanile garşy göreşmekde “hyzmatdaşlygyň ýoklugy” boldy. Kanada üçin täze paçlar haýal etmän güýje girýär.
Ýatlap geçsek, 2-nji aprelde Tramp 180 döwlet we sebit üçin söwda paçlarynyň girizilýändigini mälim etdi. Ol bu ýurtlara gepleşikler üçin üç aý möhlet berdi. Bu üç aýyň dowamynda ähli ýurtlar üçin wagtlaýyn 10% paç girizildi. Soňra möhlet 1-nji awgusta çenli süýşürildi. Iýul aýynyň ahyrynda Tramp Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa we Beýik Britaniýa bilen uly şertnamalaryň baglaşylandygyny habar berdi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......