Gucci modalar öýüniň amal girdejisi 52% azaldy

  • 02.08.2025 07:35
  • 5.4k+

Fransiýanyň Kering holding kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini neşir etdi. Holdinge Gucci, Yves Saint Laurent, Balenciaga, Bottega Veneta, Alexander McQueen ýaly modalar öýleri we beýleki brendler degişli.

Kering-iň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16% azaldy we 7,6 milliard ýewro boldy, amal girdejisi 39% peselip, 969 million ýewro düşdi.
Öňdebaryjy Gucci brendiniň girdejisi 26% peselip, 3 milliard ýewro çenli düşdi, amal girdejisi bolsa 52% azaldy we 486 million ýewro boldy.
Girdejileriň azalmagy Yves Saint Laurent-de hem (11% aşak) we toparyň beýleki modalar öýlerinde (15% aşak) hem hasaba alyndy. Diňe Bottega Veneta-nyňky peselmedi, onuň girdejisi 1% ýokarlandy. Kompaniýanyň söwdasy esasy bazarlarda, esasanam Ýaponiýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde peseldi.
Kering bu görkezijileriň "bazaryň ýagdaýynyň juda çylşyrymlaşandygyny" görkezýändigini belläp, netijeleriň kompaniýanyň potensialyndan "has pesdigini" aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, holdingde soňky iki ýylda "Kering-iň ösüşiniň indiki tapgyrlary üçin sagdyn binýady" döretmegi başarandygyny bellediler.
Kering-iň paýnamalary soňky iki ýylda takmynan 60%-ni ýitirdi, bu lýuks harytlara bolan islegiň dünýä derejesinde peselmeginiň fonunda bolup geçdi.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....