JPMorgan ilkinji eplenýän iPhone-yň çykjak senesini we bahasyny mälim etdi

  • 31.07.2025 14:33
  • 4.5k+

Apple kompaniýasynyň iPhone Fold atly ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykar we onuň bahasy 1999 dollar bolar. Bu barada JPMorgan-yň içerki hatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär.

Analitikler geljekki iPhone 17 hatarynyň ultra-inçe iPhone 17 Air modeliniň peýda boljakdygyna garamazdan, ulanyjylarda uly gyzyklanma döretmejekdigini çaklaýar. Olaryň pikiriçe, uly isleg geljek ýylyň sentýabrynda, kupertinoly kompaniýa iPhone 18 hataryny hödürlände ýüze çykar. Çünki, bu hatar bilen birlikde kompaniýa özüniň ilkinji eplenýän iPhone Fold smartfonyny görkezer.
JPMorgan iPhone Fold-yň çykmagynyň çeýe eplenýän smartfonlaryň segmentine düýpli täsir edip biljekdigini belleýär. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda Apple şeýle gurluşlardan birnäçe million satyp biler, 2028-nji ýylda bolsa satuw 45 mln smartfona ýetip biler.
Bilermenler Apple-iň eplenýän gurluşlaryň segmentine güýçli itergi bermegine garaşýar. Häzir bu bazarda, esasan, Samsung, Google, Huawei, Honor we OnePlus ýaly kompaniýalaryň Android smartfonlary hödürlenýär.
KHBS-e görä, Apple içki ekrany 7,8 dýuým we daşky ekrany 5,5 dýuým bolan gajeti taýýarlaýar. Ol A20 Pro çipsetinde işlär we çeýe ekranlar üçin optimizirlenen iOS 27 operasion ulgamyna eýe bolar.
Şeýle-de, kompaniýa ýygnalan görnüşde smartfonyň korpusynyň mümkin boldugyndan inçe bolmagyny üpjün etmäge we epinsiz tekiz ekrany gazanmaga çalyşýar.


düýn 09:49
699

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...