“Şrekdäki” Eşek barada aýratyn film düşüriler. Eddi Mýorfi öz keşbine gaýdyp geler

  • 31.07.2025 13:35
  • 3.7k+

“Şrek” animasion franşizasy giňelmegini dowam etdirer – bu gezek Eşek aýratyn filme eýe bolar. Bu barada Eddi Mýorfi Screen Rant neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzir aktýorlar düzümi “Şrek 5-e” ses bermegini tamamlaýar, güýzde bolsa topar Eşek barada spin-offuň üstünde işlemäge başlar. Täze bölüm gahrymanyň aýaly – Elizabet atly Aždarha we çagalary – aždarha-kürreler bilen durmuşy barada gürrüň berer.
Eddi Mýorfi täze filmiň üstünde sentýabrda işlenip başlanjakdygyny aýdyňlaşdyrdy.
Eşek – “Şregiň” esasy gahrymanlarynyň biri bolup, ol barada ozal aýratyn taslama çykarylmandy. Emma ýene bir meşhur gahryman Ädikli pişigiň bolsa 2011-nji we 2022-nji ýyllarda düşürilen iki spin-offy bar.
“Şrek 5” multfilminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 23-nji dekabryna meýilleşdirilýär. Bu multfilm 2010-njy ýylda çykan “Şrek ömürlik” lentasynyň dowamy bolar. Ses beren esasy aktýorlar öz keşplerine gaýdyp geler. Olara Zendeýa hem goşular – ol Şrek bilen Fionanyň gyzy Felisiýanyň sesi bolar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......