Internetde iPhone 17 Pro-nyň ilkinji hakyky suraty we onuň kamerasy barada maglumatlar peýda boldy

  • 31.07.2025 14:10
  • 10k+

Sosial ulgamlarda iPhone 17 Pro-nyň ilkinji hakyky suratlarynyň biri peýda boldy. Skyfops lakamly ulanyjy San-Fransiskonyň köçesinde täze smartfony synagdan geçirijini surata aldy. Suratyň hakykylygyny Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman hem tassyklady.

Ozal ýaýran maglumatlara görä, iPhone 17 Pro aýratyn ýagtylandyryş datçigi bilen öňe çykyp duran kamera bloguna eýe bolar. Özünden öňküden tapawutlylykda, yzky panel titanyň deregine aýnadan we alýuminden ýasaldy. Bu smartfony has ýeňil etmeli.
MacRumors neşiriniň näbelli çeşmä salgylanyp habar bermegine görä, iPhone 17 Pro we 17 Pro Max modelleri 8 esse optiki zumly täze teleobýektiwe eýe bolar. Bu Apple smartfonlary üçin rekord görkezijidir – häzirki iPhone 16 Pro-da 5 esse ýakynlaşdyrma ulanylýar. Täze kameranyň dürli fokus aralygynda has gowy işlejekdigi bellenilýär.
Şeýle-de, gurluş kamerany dolandyrmak üçin goşmaça düwme bilen üpjün ediler. iPhone 16 hatarynda surata we wideo almaga, režimleri üýtgetmäge we masştaby dolandyrmaga mümkinçilik berýän Camera Control düwmesi peýda bolupdy. Täze modellerde şeýle düwmeden iki sanysy bolar.
Şeýle-de, iPhone 17 Pro üçin professional ulanyjylara gönükdirilen surata düşüriş üçin täze programma işlenip taýýarlanýar. Ol Halide, Kino we Filmic Pro ýaly hyzmatlar bilen bäsleşer.
iPhone 17, 17 Pro we has inçe iPhone 17 Air modelleriniň sentýabryň başynda görkezilmegine garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...