Günüň üstünde üç ýyldan bäri ilkinji gezek täze polýar deşikler emele gelip başlady

  • 30.07.2025 14:41
  • 8k+

Günüň üstünde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek polýar koronal deşikler peýda bolup başlady. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň we Sibir bölüminiň Gün-Ýerüsti fizika institutynyň web sahypasyna salgylanýan TASS habar berdi.

Çap edilen maglumatlara görä, bu gurluşlar 2021-2022-nji ýyllarda ýitirim boldy diýen ýaly we soňky bir hepdäniň dowamynda gaýdyp gelmäge başlapdyr. Kosmosdan alnan suratlara görä, indi demirgazyk koronal deşik emele gelipdir. Şuňa meňzeş gurluşyň bir aýyň içinde günorta polýus sebitinde hem peýda bolmagyna garaşylýar.
Alymlaryň bellemegine görä, täze dörän deşikler Günüň işjeňliginiň serpilmegi netijesinde ýok edilmese, olar ýakyn 6-8 ýylda Gün diskiniň görünýän bölegi bolup galar.
Laboratoriýanyň berýän maglumatlaryna görä, polýar koronal deşikleriň emele gelmegi Günüň işjeňliginiň gowşamagy bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda olaryň ýoklugy 2023-2024-nji ýyllarda Gün sikliniň iň ýokary derejesiniň geçendigi bilen düşündirilýär.
Şeýle hem hasabatda polýar koronal deşikleriň adaty görnüşlere meňzeşdigi, ýöne diňe Günüň demirgazyk we günorta polýuslarynyň golaýynda emele gelýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, olaryň ömri adaty gurluşlaryň ömründen ep-esli uzakdyr: eger adaty deşikler 2-3 aý durýan bolsa, polýar deşiklerini bir duran ýerinde birnäçe ýyl synlap bolýar.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...