App Store kontenti has takyk kesgitlemek üçin 13+, 16+ we 18+ ýaş kategoriýalaryny girizýär

  • 29.07.2025 14:18
  • 2.9k+

Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy.

Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy. Ulanyjylar ýaş kategoriýasyna laýyk gelmeýän programmalary ýükläp alyp bilmez. Apple hem App Store mahabatlarynda ýaş çäklendirmeleri bolan programmalary görkezmez, olaryň deregine ýaşa laýyk gelýän programmalary hödürlär.

  • ·13+ kategoriýasy alkogoly agzamaga we ýeňil ýalaňa rugsat berýär.
  • ·16+ kategoriýasy ulular üçin temalara we onlaýn funksiýalara doly elýeterli bolmaga rugsat berýär.
  • ·18+ kategoriýasy programmalarda zorluk sahnalarynyň we humarly oýunlaryň bolmagyna mümkinçilik berýär.

Programmalary işläp düzüjiler täze anketany 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli doldurmaly. Bu talaplar berjaý edilmedik ýagdaýynda olar App Store-da öz programmalaryny täzelemek mümkinçiligini ýitirer. Reýtingi görkezilmedik programmalar dükana goşulmaz, ýöne olary Ýewropa Bileleşiginde başga serwisler we saýtlar arkaly ýaýratmak bolar.
Täze ulgam häzir beta-synagdan geçýär we şu güýzde doly işe giriziler.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...