Maýkl Jekson hakyndaky filmiň ilkinji görkeziljek senesi üçünji gezek yza süýşürildi

  • 29.07.2025 11:31
  • 6.4k+

Maýkl Jekson hakyndaky "Maýkl" filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 24-nji apreline yza süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu eýýäm baýopigiň çykaryljak senesiniň üçünji gezek üýtgedilişi: başda film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde görkezilmelidi, soň ol üstümizdäki  ýylyň 3-nji oktýabryna yza süýşürildi.

Çeşmäniň habaryna görä, yza süýşürilmegiň sebäpleriniň biri filmiň hronometražynyň uludygy bolup biler - filmiň birinji wersiýasy üç ýarym sagatdan gowrak dowam etdi. Şonuň ýaly-da, yza süýşürilmek dawaly waka bilen bagly 13 ýaşly Jordan Çandleriň ýatlanýan sýužeti bilen baglanyşykly bolup biler. Maýkl Jekson günäni boýun almady, ýöne 1994-nji ýylda iş kazyýet goşulyşmazdan sazlandy. Deadline aýdymçynyň hasaplaşyk netijesinde 20 million dollar töländigini ýazýar.
Neşiriň habaryna görä, Çandler ilki tassyklanan sahna ýazylypdyr. Emma film surata düşürilenden soň taraplar filmde onuň agzalmazlygy barada täze ylalaşyga gelipdirler. Munuň üçin material goşmaça işlenmelidi.
Filme Antuan Fukua režissýorlyk edýär. Prodýuserleriň arasynda öňem “Bogem rapsodiýasy” baýopiginiň üstünde işlän Grem King bar. "Pop-sazyň şasynyň" keşbini Maýklyň uly dogany we The Jackson 5 toparynyň agzasy Jermeýn Jeksonyň ogly Jaafar Jekson ýerine ýetirýär.

King: "Jaafaryň arkasyndan her nazar, her nota we her bir tans hereketi - Maýkl bolup dur. Ol Maýklyň keşbini başga hiç bir aktýoryň ýerine ýetirip bilmejek derejesinde janlandyrýar" - diýdi.
Jaafar Jekson 12 ýaşyndan bäri saz bilen meşgullanýar, ilkinji aýdymyny 2019-njy ýylda çykardy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......