“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 29.07.2025 11:10
  • 5.4k+

20th Century Studios kompaniýasy “Awatar: Ot we kül” (“Avatar: Fire and Ash”) filminiň – Jeýms Kemeronyň epiki kinofranşizasynyň üçünji bölüminiň ilkinji treýlerini hödürledi.

Resmi relizinden öň treýler birnäçe günüň dowamynda ABŞ-nyň käbir kinoteatrlarynda çäkli görkezildi. Şondan soň zalda tomaşaçylar tarapyndan rugsatsyz düşürilen nusgalar internetde ýaýrap başlady.
Täze bölümde baş gahryman Jeýk Salli, aýaly Neýtiri we olaryň maşgalasy täze Na’wi urugy – Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Aktýorlar Sem Uortingon, Zoi Saldana, Sigurni Uiwer we Stiwen Leng geçenki filmlerdäki rollaryna gaýdyp geler. Kül halkynyň baştutanyny Una Çaplin oýnar.
“Awatar: Ot we kül” filminiň premýerasy 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......