“Anna güni, 13-i” horrory boýunça täze film, serial we wideo oýny çykarylar

  • 28.07.2025 19:08
  • 3.4k+

Meşhur “Anna güni, 13-i” (Пятница, 13-е) horror-franşizasy doly metražly film görnüşinde dowamyna we täze wideo oýnuna eýe bolar. Bu barada Horror Inc. kompaniýasynyň wise-prezidenti Robbi Barsamian San-Diegodaky Comic-Con konwentinde habar berdi diýip, Bloody Disgusting belleýär.

Geljekki filmiň sýužeti barada maglumat berilmeýär. Hokkeý maskasynyň aňyrsynda gizlenýän ganhor Jeýson Wurhiz baradaky ilkinji film 1980-nji ýylda çykdy. Umuman alanyňda, franşizanyň çäklerinde 12 film çykaryldy. Soňkusy 2009-njy ýylda çykyp, 19 mln dollar býujet bilen prokatda 91 mln dollar gazandy.
Şol bir wagtyň özünde A24 studiýasy we Peacock platformasy hem Wurhiziň ejesi barada “Hrustal köl” (Хрустальное озеро) serial-prikweliniň üstünde işleýär. Onda baş keşbi Linda Kardellini ýerine ýetirer.
Barsamian kompaniýanyň “Anna güni, 13-i” boýunça täze wideo oýnuny hem döredýändigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, topar bu taslamalara esasy ünsi gönükdirdi. Geçenki oýun Gun Media tarapyndan Friday the 13th: The Game ady bilen 2017-nji ýylda çykdy. Ol köp ulanyjyly horror bolup, onda bir oýunçy Jeýsonyň keşbinde çykyş edip, beýleki ýedi oýunçyny yzarlaýar.
Franşiza köp sanly komiksleriň, romanlaryň we hatda horror bilen bagly harytlaryň döremegine getirdi. Jeýsonyň hokkeý maskasy bolsa dünýä kinematografynda has tanalýan obrazlaryň birine öwrüldi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......