Moskwada 85-nji gaty seýilgähli ýaşaýyş diňi gurlar

  • 28.07.2025 18:51
  • 11k+

“Moskwa-Sitide” One Tower ady bilen ýaşaýyş diňini gurmak meýilleşdirilýär. Ozal bu işewürlik merkeziniň binalarynda öýler däl-de, diňe wagtlaýyn galmak üçin otaglar ýerleşýärdi. Binanyň beýikligi 379 metr bolar.

Täze diňiň esasy aýratynlygy Ýewropadaky iň beýik seýilgäh bolar. Ol diňiň ýokarky gatynyň köp bölegini eýeläp, 85-nji gatda, 338,3 metr beýiklikde ýerleşer.
One Tower taslamasy “Genpro” býurosy we Moskwanyň baş binagäri Sergeý Kuznesow bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. 90 gatly binanyň umumy meýdany 294,3 müň inedördül metr bolar. Gurluşygyň başlanmagy 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Binanyň 2030-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar. 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....