iOS 26-da şübheli habarlar filtrden geçiriler

  • 28.07.2025 17:42
  • 2.1k+

Apple iOS 26-da “Habarlar” (Messages) programmasyna spamy we fişingi filtrden geçirmek ulgamyny goşdy. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar.

Programmada habarlaryň täze kategoriýalary peýda boldy: “Habarlar”, “Näbelli iberijiler”, “Spam” we “Ýakynda pozulanlar”. Ulanyjylar bu aýratyn bukjalary işjeňleşdirip ýa-da öçürip, filtrden geçirmegi elde sazlap biler.
Esasy bölümde belli kontaktlar bilen ýazyşylan habarlar, tassyklama kodlary we bron maglumatlary görkezilýär. Nätanyş belgilerden gelen habarlar we spam ondan aýrylýar.
“Filtri dolandyrmak” funksiýasy belgileri ygtybarly diýip bellemäge we ýalňyşlyk bilen spam hökmünde kesgitlenen habarlary dikeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, “Näbelliler” bukjasynda iberijileri tanyş hökmünde bellemek mümkinçiligi bar.
“Spam” papkasynda salgylanmalar işjeňsizlendirilýär we ulanyjylar habarlara jogap berip bilmeýär. Bu hem tötänleýin zyýanly salgylanma geçmek ýa-da kezzaplar bilen aragatnaşyk etmek ähtimallygyny peseldýär. Zerur bolan ýagdaýynda habarlary elde esasy bölüme geçirip, Apple-e ulgamyň ýalňyşlygy barada habar berip bolýar.
Filtr ulgamy awtomatik usulda we ulanyjy sazlamalaryny göz öňünde tutup işleýär. Täzelenmede esasy üns fişingden goramaga gönükdirildi.
iOS 26 häzir beta-wersiýa görnüşinde elýeterli. Ahyrky reliziň sentýabryň ortasynda, iPhone 17-niň tanyşdyrylyşyndan soň bolmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...