Galaxy Z Fold 7 12 sagat buzda doňdurmak we derýa çümdürmek synaglaryndan geçdi

  • 28.07.2025 13:44
  • 3.7k+

Täze Galaxy Z Fold 7 smartfony adatdan daşary synaglardan üstünlikli geçip, eplenýän smartfonlaryň daşyndan görnüşi ýaly ejiz däldigini subut etdi. Gurluş doňdurylandan, derýa çümdürilenden we beýiklikden gaçandan soň hem işe ukyplylygyny saklady. Synaglar Gupta Information Systems YouTube kanalynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

Smartfon 12 sagat buzda durdy, şondan soň kynçylyksyz açyldy. Daşky 6,5 dýuýmlyk we içki 8 dýuýmlyk displeýler birkemsiz işledi.
Çägeli we tozanly çalt akýan derýa 30 minutlap çümdürmek hem smartfona hiç hili zyýan ýetirmedi. Mundan başga-da, gurluş kofe, soda, çaý we dürli temperaturaly suw ýaly synaglara hem çydady.
Daşky Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy hem çyzyklara çydamly boldy. Ultra-Thin Glass-dan içki ekran öňki modeller bilen deňeşdirilende kämil goraga eýe boldy. Berk şarnir Armor FlexHinge bolsa bilgeşleýin ters tarapa egreltmäge çydady. Smartfonyň işine 1,8 metr beýiklikden gaçmak hem täsir etmedi.
Bu synaglar Galaxy Z Fold 7-niň flagman aýratynlyklaryny adatdan daşary ulanylyş şertlerine ýokary çydamlylyk bilen utgaşdyrýandygyny görkezýär.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...