Jon Uik baradaky filmleri dörediji “Calexit” komiksini ekranlaşdyrar

  • 26.07.2025 18:20
  • 6.7k+

Jon Uik baradaky filmler bilen tanalýan amerikaly režissýor Çad Stahelski “Calexit” komiksi boýunça doly metražly film düşürer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Ssenarini Black Mask Studios-yň prezidenti Matteo Pissolo ýazar, prodýuserler hökmünde Aleks Ýang, 87Eleven Entertainment-den Jeýson Spits, şeýle-de Pissolo, Brett Gurewis we Braýan Giberson çykyş eder.
Filmiň wakasy ýakyn geljekde bolup geçýär. ABŞ-nyň Prezidenti ähli immigrantlary deport etmek barada permana gol çekýär, Kaliforniýa bolsa özüni gaçybatalga-ştat diýip yglan edýär. Kaliforniýalylaryň hökümet bilen göreşýän döwründe kontrabandist Jamil gapma-garşylygyň lideri Zora bilen bilelikde eýelenen Los-Anjelesden gaçmaga synanyşýar.
Filmi çykarmak üçin platforma we studiýa heniz belli däl. Filmi döretmäge komiksiň awtorlarynyň biri Amankaý Nauelpan gatnaşýar.
“Calexit” 2017-nji ýylda çykdy we Donald Trampyň birinji prezidentlik döwründe meşhur boldy. Komiks ýedi gezek gaýtadan neşir edildi we iki spin-offa eýe boldy: “Calexit: All Systems San Diego” we “Calexit: Our Last Night in America”.
Iýul aýynyň ahyrynda komiksiň Pissolo tarapyndan ýazylan täze sany “Calexit: The Battle of Universal City” çykar.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......