Hytaýda öz işinden ýadan adamlar üçin klinika açyldy

  • 26.07.2025 16:42
  • 5.5k+

Hytaýyň Sinhuandao şäherindäki adaty hytaý we günbatar lukmançylyk hassahanasynda argynlykdan ejir çekýän adamlar üçin "Dislike Going to Work Clinic" ady bilen klinika açyldy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Şeýle başlangyç öz çagalaryny Dislike Going to School Clinic klinikasyna äkiden ene-atalar ulular üçin hem şeýle edaranyň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklanandan soň peýda boldy. Çagalar klinikasy okuw, mekdep atmosferasy we emosial kynçylyklar bilen bagly dartgynlylyga garşy göreşmek üçin döredildi.
Täze klinika öz işini manysyz duýýan, ýadawlykdan, gowşamadan ýa-da şähdiň üýtgäp durmagyndan ejir çekýän hassalar üçin niýetlenýär. Edaranyň ýolbaşçysy Ýue Liminiň aýtmagyna görä, “howsalalyk” ýa-da “depressiýa” ýaly adalgalaryň ulanylmagy hassalarda utanç we ýazgarylma duýgusyny döredip biler. Täze format bolsa, onuň pikiriçe, has rahat şertleri döretmäge kömek edýär.

“Daşky alamatlaryň, köplenç, çylşyrymly psihologik we sosial sebäpleri bolýar. Biz olary anyklamaly, takyk diagnoz goýmaly we laýyk gelýän bejergini teklip etmeli” – diýip, hünärmen belledi.

Anyklaýyş lukman bilen maslahatlaşmagy we gipertireoz ýaly fiziologik sebäpleri aradan aýyrmak üçin lukmançylyk barlagyndan geçmegi öz içine alýar.
Klinikanyň açylmagy hytaý sosial ulgamlarynda işjeň pikir alyşmalara getirdi. Ulanyjynyň biri döredijini “zehin” diýip atlandyrdy, beýlekisi bolsa “Ol ýerde lukmanlary tapyp bolmaz – olar hem işlemek islemeýär” diýmek bilen degişdi.
Lukmanlaryň belleýşi ýaly, häzirlikçe hassalaryň sany az bolmagynda galýar. 


şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....