Hakerler ygtybarsyz parol sebäpli 158 ýyllyk britan kompaniýasyny ýok etdi

  • 26.07.2025 12:26
  • 8.6k+

Hakerler topary bir ygtybarsyz parolyň netijesinde 158 ýyllyk kompaniýany ýok edip, 700 adamy işsiz goýup bildi diýip, BBC habar berýär.

Nortgemptonşirde (Beýik Britaniýa) ýerleşýän KNP ulag kompaniýasy Akira hakerler toparynyň kiberhüjümi netijesinde öz işini bes etdi. Bellenilişi ýaly, olar işgärleriň biriniň parolyny alyp, kompaniýanyň ulgamyny döwüp bildi. Şondan soň olar maglumatlary şifrläp, kompaniýadaky kompýuterleriň işini bloklady.
Şol bir wagtyň özünde, hakerler şeýle habar galdyrdy: “Eger siz muny okaýan bolsaňyz, diýmek, siziň kompaniýaňyzyň içki infrastrukturasy doly ýa-da bölekleýin ölendir... Geliň, ähli gözýaşlary we öýke-kineleri goýup, ylalaşyk gazanmaga synanyşalyň”.
Hakerler bahany aýtmady, ýöne töleg barada gepleşikleri alyp barmaga ýöriteleşen firma bu ýagdaýda bahany 5 mln funt sterling diýip hasaplady. KNP-niň şonça mukdarda puly ýokdy, şol sebäpli kompaniýa ähli maglumatlara elýeterliligini ýitirip, ahyrynda batdy.
BBC neşiri KNP-niň Akira toparynyň hereketlerinden zyýan çeken “onlarça müň” guramanyň biri bolandygyny belledi. Umuman, neşiriň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Beýik Britaniýada dürli kompaniýalara 19 müň töweregi kiberhüjüm hasaba alyndy. Ýurtda şeýle hüjümlerde ortaça 4 mln funt sterling talap edilýär we zyýan çeken guramalaryň, takmynan, üçden bir bölegi mejbury tölemeli bolýar. 


19.02.2026 12:42
1.8k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...