Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar

  • 25.07.2025 11:46
  • 5.8k+

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) 12 sany ýangyn ýa-da heläkçilik ýaly VC-Turbo hereketlendirijisi bilen baglanyşykly 1900 hadysanyň üstüni açdy. Bu üýtgeýän gysyşly hereketlendirijiler 2019-2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen Nissan Rogue-de, Altima-da, Infiniti QX50-de we QX55-de oturdyldy.

Näsazlyk Nissany 443 899 ulagy yzyna çagyrmaga mejbur etdi. Muňa podşipniklerde we hereketlendirijiniň böleklerinde bar bolan kemçilikler sebäp boldy. Dilerler ýag gabynda metal gyryndylaryň barlygyny-ýoklugyny bilmek üçin motory barlarlar. Eger gyryndy ýok bolsa, ýagyny, prokladkasyny çalşyp, programma üpjünçiligini täzelärler.
Kemçilik tapylan ýagdaýynda, hereketlendiriji 15 sagadyň içinde mugt çalşylyp berler.
Ulaglaryň eýelerine bildirişler 25-nji awgustda iberilip başlanar. Öň VC-Turbo hereketlendirijisini öz hasabyna abatlanlar elinde töleg haty bar bolsa çykdajysynyň öwezini dolmak üçin ýüz tutup bilerler.
Şeýle gerimli yzyna çagyrylyş innowasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýatladýar. Ol Nissan-yň we Infiniti-niň abraýyna täsir edip biler.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....