“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar

  • 24.07.2025 16:33
  • 7.1k+

Režissýor Denni Boýluň apokalipsisden soňky waka barada “28 ýyl soň” (28 лет спустя) zombi-horrory 29-njy iýulda daşary ýurt sanly platformalarynda çykar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi.

Filmiň sýužeti “gahar wirusy” epidemiýasy sebäpli galan dünýäden üzňeleşdirilen Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar. Baş gahryman, Spaýk atly ýetginjek (ony Alfi Uilýams oýnady) öz ejesini halas etmäge we ony lukmanyň ýanyna äkitmäge synanyşýar.
Filme Aaron Teýlor-Jonson, Jodi Komer, Reýf Faýns we beýleki aktýorlar gatnaşdy. Ssenarini “28 gün soň” filminiň üstünde işlän Aleks Garlend ýazdy.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, täze filmiň kassa ýygymy 75 mln dollar önümçilik býujetinde 145 mln dollar boldy.
Film tankytçylardan oňyn seslenme aldy – Rotten Tomatoes-de 88%, Metacritic-de 100-den 77 bal.
“Süňk ybadathanasy” ady bilen filmiň dowamy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda prokata çykmaly.


düýn 19:16
2k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
634

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.4k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......