“South Park” multserialyny döredijiler Paramount bilen 1,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

  • 24.07.2025 14:12
  • 2k+

“Günorta Seýilgäh” (South Park) multserialyny döredijiler Treý Parker we Mett Stoun Paramount+ bilen 1,5 mlrd dollarlyk bäşýyllyk şertnama baglaşdy. Los Angeles Times-yň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, kompaniýa her ýyl multserialy ýaýlyma bermek we täze bölümleri çykarmak hukuklary üçin 300 mln dollar tölär.

“Günorta Seýilgäh” Paramount+ platformasynda ilkinji gezek çykar. Ozal multserialy görkezmek hukugy HBO Max-a degişlidi, ýöne öňki şertnamanyň möhleti gutardy.
Şeýle-de, Paramount Parker we Stoun bilen täze bäşýyllyk şertnama baglaşdy, ol döredijileriň serialyň geljekki bölümleriniň üstünde işlemegini dowam etdirmegini göz öňünde tutýar.
Şertnama dartgynly gepleşiklerden soň gol çekildi. 2025-nji ýylyň başynda taraplar 3 mlrd dollarlyk onýyllyk şertnamany ara alyp maslahatlaşypdylar, ýöne Paramount-y satyn almaga gyzyklanma bildiren Skydance Media kompaniýasynyň gatyşmagy bu işi kynlaşdyrdy. Bu hem ýagdaýyň ýitileşmegine getirdi. Multserialy döredijiler hatda kazyýet şikaýaty bilen haýbat atdy diýip, çeşme belleýär.
“Günorta Seýilgähiň” 27-nji möwsümi 23-nji iýulda Comedy Central teleýaýlymynda we Paramount+ akym hyzmatynda görkezilip başlandy.
Multserial 1997-nji ýyldan bäri çykýar we amerikan telewideniýesinde “Simpsonlardan” soň iň uzak dowam eden ikinji animasion şou hasaplanýar.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......