“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar

  • 24.07.2025 14:26
  • 4.4k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aýdan soň, 19-njy awgustda sanly platformalarda elýeterli bolar.

Meşhur franşizanyň baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmegindäki sekizinji filmi, takmynan, 400 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 589 mln dollar ýygnady. Bölümiň finaldygyna garamazdan, film ýokary kassa netijelerini görkezmedi.
Ýöne bu 63 ýaşly Tom Kruza we režissýor Kristofer Makkuorrä “Missiýa ýerine ýetirmesiz” bilen bagly taslamalaryň üstünde işlemegi dowam etdirmäge päsgel bermeýär. Olaryň meýilnamasynda sekiz sany täze film bolup, olaryň biri Ilon Maskyň goldaw bermeginde kosmosda düşürilip bilner.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......