“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji posteri hödürlendi. Premýera – 19-njy dekabrda

  • 24.07.2025 10:36
  • 4.4k+

Disney “Awatar: Ot we kül” (Аватар: Огонь и пепел) filminiň ilkinji posterini hödürledi. Bu Jeýms Kemeronyň epiki wakasynyň üçünji bölümidir.

Studiýa filmiň tizeriniň 25-nji iýulda “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” filminiň premýerasynda görkeziljekdigini habar berdi. Ilkibaşda ol diňe kinoteatrlarda elýeterli bolar.
Film wulkanyň golaýynda ýaşaýan Na’wi urugy barada gürrüň berer we täze kyssaçyny – Jeýk Salliniň ogly Loaky görkezer. Filmde baş keşpleri Sem Uortington, Zoi Saldana, Keýt Uinslet we Sigurni Uiwer ýerine ýetirdi. Premýera 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolar.
Kemeron eýýäm “Awataryň” dördünji we bäşinji bölümleriniň hem üstünde işleýär, olar 2029-njy we 2031-nji ýyllara meýilleşdirilýär.


düýn 19:16
2k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
634

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.4k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......