Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7-ni bejermek örän gymmat bolup çykdy

  • 22.07.2025 19:49
  • 6.2k+

Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold7 we Flip7 smartfonlarynyň ekranlaryny çalyşmak örän çykdajyly bolup biler diýip, SamMobile portaly ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Galaxy Z Fold7 smartfonynyň çeýe içki ekranyny çalyşmak 761 ýewro, daşky ekrany bolsa 525 ýewro düşer. Galaxy Z Flip7 üçin içki eplenýän panel 342 ýewro, daşky FlexWindow displeýi bolsa 207 ýewro düşer. Görkezilen bahalar hyzmat merkezlerindäki işiň bahasyny öz içine almaýar.
Belläp geçsek, Ýewropada Galaxy Z Fold7-niň öz bahasy 2099 ýewro, Galaxy Z Flip7 bolsa – 1199 ýewro barabar.
Samsung-yň adaty kepilligi ekrana ýeten mehaniki zeper üçin çykdajyny ýapmaýar. Şonuň üçin köp ulanyjylar tötänleýin zeperlerden goraýan tölegli Samsung Care+ hyzmatyna ýazylýar. Galaxy Z Fold7 üçin ýazylyşyk aýda 13 dollara ýa-da ýylda 259 dollara barabar, ekranyň ýa-da yzky gapagyň bejergisi bolsa her gezek üçin 29 dollar. Galaxy Z Flip7 üçin ýazylyşyk aýda 10 dollar ýa-da ýylda 169 dollardyr.
Samsung-yň çeýe displeýleri berkligi bilen tapawutlanýar we ençeme ýyl işjeň ulanylyş üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, tötänleýin ýagdaýlarda smartfonlara zeper ýetip biler, şonuň üçin gajetleri seresaply ulanmak gerek. 


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...