“Supermen”, “Ýura eýýamynyň dünýäsi 4” we “Formula-1” prokatda öňdebaryjylygy saklaýar

  • 22.07.2025 09:46
  • 6.2k+

Täzelenen DC äleminiň ilkinji blokbasteri “Supermen” iki hepdäniň içinde kassa ýygymy boýunça Marvel-iň soňky filminden öňe geçdi. THR-iň maglumatlaryna görä, ikinji dynç günleri kinokomiks ABŞ-da 57,2 mln dollar ýygnady – bu birinji uik-end bilen deňeşdirilende 54% azdyr. Şeýle pese gaçyş “Kapitan Amerika 4” (-68%) bilen “Gök gürrüldedijiler*” (-56%) filmleriniň görkezijilerinden azdyr.

Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň dünýädäki kassa ýygymy 406,8 mln dollara ýetdi. Deňeşdirmek üçin, “Gök gürrüldedijiler*” prokaty şowsuz 382 mln dollar netije bilen tamamlady. “Kapitan Amerika 4-üň” kassa ýygymy 415,1 mln dollara barabar boldy.  
Prokatda kassa ýygymy boýunça ikinji orunda “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) barýar – 180 mln dollar býujetde 648 mln dollar. Garyşyk synlara garamazdan, film täjirçilik taýdan üstünlikli boldy we Universal studiýasynyň onuň dowamynyň üstünde işläp başlamagyna garaşylýar.
Apple-iň “Formula-1” filmi hem ýokary netijeleri görkezdi – 200 mln dollar býujetde 460 mln dollar. Bu kompaniýanyň kinoteatrlarda ilkinji uly üstünligidir. KHBS-iň maglumatlaryna görä, onuň dowamy hem maslahatlaşylýar.
Täze filmleriň arasynda “Men geçen tomus näme edeniňizi bilýärin” bar. Ol 18 mln dollar býujetde 13 mln dollar ýygnady. Film gowşak syn aldy we sanly relizinden soň çykdajyny ödese gerek.
Oňyn däl tankytlar sebäpli 58 mln dollar býujetde 12 mln dollar ýygnan “Smurflar” multfilmi hem şowsuz boldy.

Prokatdaky beýleki filmler:

  • ·“Melgunlary çapýan tyg: Tükeniksiz gala” – $40 mln (diňe Ýaponiýada);
  • ·“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” – $150 mln býujetde $588 mln;
  • ·“28 ýyl soň” – $60 mln býujetde $140 mln;
  • ·“Eddington” – $25 mln býujetde $4 mln;
  • ·“Elio” – $200 mln býujetde $129 mln.

Indiki hepdede prokatyň öňdebaryjysynyň Marvel Studios-dan “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimleriň” (Фантастическая четвёрка: Первые шаги) bolmagyna garaşylýar.


düýn 05:13
1k+

«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer

Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär. Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy...

22.03.2026 12:38
4.7k+

Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi

«Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna 24 ýyldan soň ýene aktrisalyk kärine dolanmak hyýalyna mündi. Ol «Kinostudiýa» (The Studio) atly serialyň ikinji möwsüminde surata düşýär» diýip, Entertainment Weekly neşiri habar berýär...

22.03.2026 07:54
2.2k+

«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» atly doly göwrümli film çykdy

Netflix platformasynda «Kesgir gaşlar» serialynyň doly göwrümli dowamy tomaşaçylara hödürlendi. «Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») diýlip atlandyrylýan film Tomas Şelbiniň taryhyny dowam etdirýär...

22.03.2026 03:26
1.8k+

Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine dolanýarlar

Aktýorlar Emili Blant we Killian Mýorfi «Ümsüm ýer-3» filmine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berdi. Filmiň tanyşdyrylyşy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna meýilleşdirildi. Taslamanyň režissýory, ssenaristi we prodýuseri hökmünde ýene-de Jon Krasinski çykyş eder...