NASA býujetiň azaldylmagy sebäpli hemralary we kosmos enjamlaryny satýar

  • 21.07.2025 23:42
  • 3.2k+

NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasy (JPL) ozal Ýere gözegçilik etmek üçin ulanylan hemralary we kosmos enjamlaryny satyp başlady. Bu barada agentligiň öňki astrobiology Kit Kouwing tarapyndan ýöredilýän NASA Watch blogunda habar berilýär.

Satuwa çykarylan enjamlaryň sanawyna klimata gözegçilik etmek, tupanlary çaklamak we global ýylamanyň netijelerini seljermek üçin uzak aralykdan barlag enjamlary girdi. Bu hemralar soňky ýigrimi ýylyň içinde kosmosa uçuryldy.
Şeýle-de, enjamlaryň arasynda kenarýaka zolaklaryna gözegçilik etmek üçin niýetlenen GLIMR (Geostationary Littoral Imaging and Monitoring Radiometer) geostasionar radiometri bar. Bu enjam kosmosa çykarylmady we taýýarlyk tapgyrynda galýar.
Satmak hakynda çözgüt birnäçe programmalar üçin maliýeleşdirmegiň bes edilmegi netijesinde kabul edildi. NASA Watch-yň maglumatlaryna görä, ulanylyşdan aýrylan hemralar ABŞ-nyň 2026-njy ýyl üçin federal býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutulan býujet azaldylmalarynyň täsirine düşdi. Resminama NASA üçin ileri tutulýan ugurlaryň sanawyna girmedik ugurlar üçin çykdajylaryň azaldylmagyny göz öňünde tutýar.
Agentlik häzirlikçe mümkin bolan şertnamalar we enjamlaryň geljekki ýagdaýy barada resmi taýdan teswir bermedi.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....