Marvel Demir adamyň roluna täze aktýor gözleýär

  • 21.07.2025 18:44
  • 6k+

Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi Demir adamyň roluny ýakyn wagtda başga bir aktýoryň ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy. Bu barada Variety habar berýär.

2008-nji ýyldan bäri supergahryman Demir adama öwrülýän Toni Starkyň keşbini ekranda Robert Dauni-kiçi janlandyryp gelýärdi. Indi bolsa aktýoryň geljekki «Ar alyjylar» filminde zalym Doktor Dumuň rolunda işlejegi göz öňüne tutulyp, Demir adamyň ornuna başga aktýor saýlanar.
Faýginiň aýtmagyna görä, Kapitan Amerika (Stiw Rojers) we «X adamlary» oýnaýan aktýorlaryň hem çalşylmagy ähtimal. Marvel katalogyndaky beýleki iki meşhur gahryman – Dedpul bilen Rosomaha bolsa öňküligine galar: olaryň keşbi ýene-de Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmana tabşyrylar.

«Bu gahrymanlar bilen şowhuny hasam artdyryp bolar. Ýöne nirededigini indi göreris», – diýip, Faýgi belledi.

«Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň 2026-njy ýylyň dekabr aýynda çykmagyna garaşylýar. Film häzirki wagtda Beýik Britaniýada surata düşürilýär.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......