“Möý adam: Älemden daşary” multfilminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 25-nji iýunyna süýşürildi

  • 21.07.2025 13:12
  • 3k+

“Möý adam: Älemden daşary” (Человек-паук: За пределами Вселенной) animasion filminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 25-nji iýunyna süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Multfilm eýýäm birnäçe gezek yza süýşürildi. Ilkibaşda reliz 2024-nji ýylyň martyna meýilleşdirilipdi, ýöne möhlet 2023-nji ýylyň tomsunda Golliwuddaky iş taşlaýyşlar sebäpli üýtgedildi. Soňra 2027-nji ýylyň 4-nji iýuny göz öňünde tutuldy. Indi möhlet ýene täzelendi.
“Möý adam: Älemden daşary” meşhur animasion franşizasynyň üçünji bölümi bolar. Birinji bölüm – “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) – iň gowy animasion filmi üçin “Oskar” baýragyny aldy. Onuň dowamy – “Älem kerebi” (Паутина вселенных) hem üstünlik gazandy. Iki bölümiň bütin dünýäde umumy kassa ýygymy 1,08 mlrd dollardan geçdi.
Üçünji bölümiň sýužeti boýunça Maýlz Morales başga bir dünýä düşýär, bu ýerde onuň alter egosy Ykmanda atly zalyma öwrülýär, bu dünýäde Möý adam asla ýok. Nýu-Ýorky haos gurşap alýar we Maýlzyň ykbaly Gwen Steýsiniň we onuň beýleki ýaranlarynyň hereketine bagly bolýar.
Filmiň režissýorlary Bob Persiçetti we Jastin K. Tompson boldy. Ssenarini Dewid Kallam, Fil Lord we Kristofer Miller ýazdy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......