Billi Aýliş we Jeýms Kemeron “üýtgeşik” 3D taslamasynyň üstünde işleýär

  • 21.07.2025 12:09
  • 3.8k+

Billi Aýliş režissýor Jeýms Kemeron bilen täze taslamanyň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Aýdymçy bu barada Mançesterdäki dört konsertiniň biriniň dowamynda aýtdy diýip, Variety ýazýar.

Aýliş bu şäherdäki çykyşynyň surata düşüriş prosesiniň bir bölegi boljakdygyny belledi.

“Zalda kameralaryň örän köpdügine, ähtimal, üns beren bolsaňyz gerek. Men jikme-jik maglumatlary aýdyp bilmerin, ýöne Jeýms Kemeron bilen bilelikde 3D formatda üýtgeşik bir zat döredýändigimi tassyklap bilerin” – diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, aýdymçy režissýoryň konserte gatnaşan bolmagynyň mümkindigini we yzygider birnäçe gün özüniň sahna şol bir obrazda çykmaly boljakdygyny belledi. Taslama barada giňişleýin maglumat ýok, ýöne muşdaklar onuň dokumental film, klip ýa-da çeper lenta bolup biljekdigini çaklaýar.
Aýliş üçin bu kinoda ilkinji tejribe däl: 2021-nji ýylda “Billi Aýliş: Dünýä birneme bulaşyk” dokumental filmi we “Öňküden has bagtly: Los-Anjelese söýgi haty” konsert filmi çykdy.
Bildiriş aýdymçynyň üçünji studiýa albomynyň çykmagyna bagyşlanan dünýä boýunça Hit Me Hard and Soft konsert syýahatynyň çäklerinde yglan edildi. Ýewropadan soň aýdymçy Ýaponiýa gider, syýahaty bolsa noýabr aýynda San-Fransiskoda tamamlar. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......