“Mortal Kombat 2” filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 20.07.2025 18:17
  • 8.7k+

Warner Bros. studiýasy Mortal Kombat wideo oýunlary boýunça düşürilen filmiň dowamynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol “Mortal Kombat 2” adyny aldy. Wideodan görnüşi ýaly, täze bölümiň merkezi gahrymany Jonni Keýj boldy. Onuň keşbini Karl Urban ýerine ýetirdi.

Sýužet boýunça, Keýj – Golliwudyň öňki aktýory söweş ýaryşyna çagyrylýar. Bu ýerde ol we Ýer şalygynyň beýleki söweşijileri öz planetasy üçin Daşky dünýä we onuň hökümdary Şao Kana garşy söweşmeli bolýar.
Filmiň wizual stili 2021-nji ýyldaky film bilen deňeşdirilende hakyky oýunlara has ýakyn boldy. Döredijiler franşizanyň ruhuny saklamagy we oýundaky ýaly sahnalaryň köp bolmagyny wada berýär.
Režissýor hökmünde ýene-de Saýmon Makkuoýd çykyş edýär. Öz keşplerine Lýuis Tan (Koul Ýang), Jessika Maknimi (Sonýa Bleýd), Mehkad Bruks (Jaks), Ludi Lin (Lýu Kan), Hiroýuki Sanada (Içýan), Tadanobu Asano (Reýden), Çin Han (Şang Szun), Maks Huan (Kung Lao), Jo Taslim (Nub Saýbot) gaýdyp geldi. Olara Adelin Rudolf (şa gyzy Kitana), Tati Gabriel (Jeýd), Martin Ford (Şao Kan), Deýmon Gerinman (Kuan Çi), Ana Thu Nguen (Sindel) hem goşuldy.
Şeýle-de, kinokompaniýa esasy gahrymanlar bilen filmiň posterlerini hödürledi.





Kinoteatrlarda filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabryna meýilleşdirilýär.
Mortal Kombat – bu 1992-nji ýylda Midway Games studiýasy tarapyndan döredilen (soňlugy bilen oýun üçin hukuk NetherRealm Studios-a geçdi) faýting žanryndaky oýunlar toplumydyr. Oýun özboluşly stili we öz döwri üçin täzeçil usullary bilen derrew meşhur boldy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......